Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Brýusselde Ýewropa Bileleşiginiň sammiti açylýar


Şu gün Brýusselde Ýewropa Bileleşiginiň iki günlük sammiti açylýar. Onda ýewronyň durnuklylygyny üpjün etmek boýunça çäreler baş tema bolar.

Habar berlişine görä, sammit başlanmazdan öň oňa gatnaşyjylara ýewronyň durnuklaşdyryş fonduny 250 milliarddan 440 milliard ýewro çenli nähili giňeltmeli – diýen mesele boýunça bir pikire gelmek başartmandyr.

ÝB-niň liderleriniň, şeýle-de, Liwiýadaky, Demirgazyk Afrikanyň beýleki ýurtlaryndaky ýagdaýy hem tebigy heläkçilikde jebir çeken Ýaponiýa kömek çärelerini maslahatlaşmagyna garaşylýar.

Sammitiň öň ýany Ýewrokomissiýanyň birnäçe Internet saýtlaryna hüjüm edildi. Gizlin informasiýalaryň syzyp çykmazlygy üçin degişli çäreler görüldi.
XS
SM
MD
LG