Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Portugaliýanyň premýer-ministri wezipesinden çekilýär


Portugaliýanyň parlamenti býujet serişdelerini tygşytlamak boýunça dolandyryjy Sosialistik partiýanyň teklibini ret edenden soň, hökümet başlygy Žoze Sokrateş iş başyndan çekilýändigini yglan etdi.

Çykdajylary azaltmagy, salgytlary ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýan plana oppozision güýçleriň ählisi garşy çykdy.

Portugaliýanyň maliýe ýagdaýy durnuksyz. Gresiýa bilen Irlandiýadan soň üçünji ýurt bolup Portugaliýanyň ÝB-den kömek soramagynyň mümkindigini analitikler duýdurýarlar.

Býujet çykdajylaryny azaltmazdan, berlen kömegiň garaşylýan netijäni berjegi-de sorag astynda.
XS
SM
MD
LG