Sepleriň elýeterliligi

Liwanda ýewropaly ýedi turist ogurlandy, gözleg başlandy


Çarşenbe güni Liwanda näbelli adamlar tarapyndan ýewropaly ýedi turist ogurlandy. Olaryň estoniýalydygy çak edilýär.

Gözi bilen görenler goňşy Siriýadan welosipedli gelen turistlere Liwanyň gündogarynda ýüzi örtgüli, näbelli adamlaryň hüjüm edendigini aýdýarlar.

Ogurlanan adamlary iki maşyna mündürip, näbelli tarapa alyp gidipdirler. Olaryň gözlegi başlandy.

Ogurlygyň bolan ýerinde turistleriň zatlarynyň, şol sanda eston pasportlarynyň galandygy habar berilýär.

Bu adam ogurlygynyň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç kim öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG