Sepleriň elýeterliligi

Birleşen Ştatlar Siriýanyň häkimiýetlerini ýazgardy


Birleşen Ştatlar Siriýanyň günortasyndaky Deraa şäherinde demonstrasiýaçylara garşy güýç ulanany üçin Siriýanyň häkimiýetlerini ýazgardy.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun Siriýadaky wakalara alada bildirdi we howpsuzlyk güýçleri bilen demonstrasiýaçylaryň çaknyşygynda bolan adam pidalary baradaky habarlar boýunça garaşsyz derňew geçirmäge çagyrdy.

Çarşenbe güni Deraa şäherinde 15-e çenli adamyň ölendigini gözi bilen görenler habar berýär. Şolaryň altysy metjitleriň birinde demonstrasiýaçylary howpsuzlyk güýçleri oka tutanda, ok ýarasyndan ölüpdir.

Şäheriň beýleki etraplarynda-da çaknyşyklar dowam etdi.

Geçen hepde başlanan protest aksiýalaryna gatnaşyjylar Siriýadaky adatdan daşary ýagdaýyň ýatyrylmagyny, uly azatlyklaryň berilmegini talap edýärler.

Siriýanyň häkimiýetleriniň öňe sürýän pikirine görä, Deraa şäherindäki bidüzgünçilikleri “jenaýatçy elementler” gurnapdyr.
XS
SM
MD
LG