Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen paýtagty Aşgabatda Çandybil şaýoly açyldy


23-nji martda türkmen paýtagtynyň günorta böleginde Çandybil prospektiniň – şaýolunyň açylyş dabarasynyň boldy, oňa Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Köçäniň ulag ýöreýän böleginiň giňligi 80 metre etýär, onuň uzynlygy 12 kilometr.
Häzir dünýä standartlarynyň derejesinde Farap-Türkmenbaşy, Aşgabat-Daşoguz awtomagistrallary, Aşgabadyň töweregine halkalaýyn aýlanýan ýol çekilýär diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Täze açylan Çandybil şaýolunyň Amerikanyň Döwlet magistrallary assosiasiýasynyň we Ýewropa kadalarynyň talaplaryna laýyk gelýändigi habar berilýär.

Çandybil şaýolunyň bahasy, ony guran kompaniýa barada maglumat berilmändir.
XS
SM
MD
LG