Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fukuşimadaky reaktorlary sowatmak boýunça iş başlandy


Şu gün irden Ýaponiýanyň “Fukusimo-Daiçi” atom stansiýalarynda spesialistler reaktorlary sowatmak boýunça täzeden işe girişdiler.

Irden alty reaktoryň dördüsiniň depesinde ak bug peýda boldy. Düýn 3-nji reaktordan gara tüsse çykansoň, iş togtadylypdy.

Energobloklaryň altysynda-da elektrik bilen üpjünçilik dikeldildi. Inženerler reaktorlary sowadýan sistemany işe girizmegi planlaşdyrýarlar.

Mundan öň ýapon häkimiýetleri Tokiodaky turbalaryň suwunda radioaktiw elementleriň derejesiniň kadadan iki esse ýokarydygyny, ony içmegiň çagalar üçin howpludygyny duýdurypdy.

Radioaktiw elementler şeýle-de stansiýa golaý regionlardan getirilen süýtde, deňiz suwunda hem gök önümlerde tapyldy.
XS
SM
MD
LG