Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemen häkimiýetleri “Al-Jazeera” telekanalynyň gepleşiklerini ýatyrdy


Ýemen häkimiýetleri sputnik arkaly görkezilýän “Al-Jazeera” telekanalynyň gepleşiklerini ýatyrdy diýip, telekompaniýanyň özi habar berdi.

Mundan öň Ýemeniň häkimiýetleri hökümete garşy köpçülikleýin aksiýalara gatnaşyjylara duýgudaşlyk bildirmekde “Al-Jazeera” telekanalyny aýyplapdy.

Çarşenbe güni Ýemeniň parlamenti ýurtda 30 gün möhlet bilen adatdan daşary ýagdaý girizmek kararyny makullady. Oppozisiýa ses bermekden ýüz öwürdi.

Ýurtda Konstitusiýanyň işi duruzylýar, hukuk esaslary bolmazdan, tussag etmäge rugsat berilýär, protest aksiýalaryna gadaganlyk hem senzura girizilýär.

Iki aý töweregi wagt bäri ýemen aktiwistleri syýasy azatlyklary giňeltmek we 32 ýyl bäri häkimiýet başynda oturan Ali Abdullah Salehiň häkimiýetini çäklendirmek ugrunda göreşýärler.
XS
SM
MD
LG