Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Talybanlar Türkiýede öz edarasyny açarmy?


“Talyban” söweşijileri Owganystanyň Nangarhar welaýatynda, 13-nji dekabr 2010-njy ýyl.
“Talyban” söweşijileri Owganystanyň Nangarhar welaýatynda, 13-nji dekabr 2010-njy ýyl.
“Talyban” bilen gepleşik geçirmek baradaky tagallalar täze tapgyra girdi, bu tapgyryň Türkiýede amala aşyrylmagy ahmal. Soňky birnäçe hepdäniň dowamynda Owganystanyň we Türkiýäniň wekilleri talybanlaryň Türkiýede öz edarasyny açmak baradaky pikirini goldaýan äheňde çykyş etdiler.

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaýyň howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Dr. Rangin Daftar Spanta ýakynda Azatlyk Radiosy bilen geçiren gürrüňdeşliginde bu barada şeýle diýdi: “Haçanda sen haýsydyr bir harby ýa syýasy topar bilen gepleşikler geçirmek isleseň, olar bilen gatnaşyk gurmak üçin olaryň adresiniň bolmagy zerur. Talybanlaryň ofis açmak meselesi mundan ozal Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Stambulda geçirilen ýygnagynda-da maslahatlaşyldy. Bu meselede Türkiýe nähili kömek edip bilse, biz ony gowy garşylarys. Sebäbi Türkiýe Owganystanyň hökümeti we ilaty tarapyndan iň ynanylýan ýurtlardan biri”.

Dr. Spanta ýakynda Türkiýäniň, Owganystanyň we Pakistanyň ýolbaşçylarynyň geçiren özara ýygnagy barada gürrüň etdi. Şol sammitden soň Owganystanda prahatçylygy ornaşdyrmak boýunça tagallalary olaryň goldaýandyklary barada beýanat ýayradyldy.

Eger talybanlaryň Türkiýede ofis açmak baradaky tagallasy başa barsa, bu Owganystanyň hökümeti we Waşington üçin talybanlar bilen gatnaşyk gurnamaga ýol açar. Şeýle ýagdaý emele gelse, bu talybanlaryň hem syýasy abraýynyň artmagyna sebäp bolar.

“Talyban” yslamçy topary 1996-2001-nji ýyllaryň aralygynda Owganystanyň uly bölegini dolandyrdy. Emma 11-nji sentýabrda Birleşen Ştatlarda bolan hüjümlerden soňra, NATO Owganystana çozup girdi we talybanlaryň häkimiýeti agdaryldy.

Bolup biljek zatmy?

Türkiýäniň paýtagty Ankarada ýerleşýän Gazi Uniwersitetiniň professory Dr. Mehmet Seýfettin Erolyň aýtmagyna görä, Türkiýäniň talybanlar ýaly toparlar bilen gepleşikler geçirmegi täzelik däl. Ol bu hakda şeýle diýýär: “Uzak wagtdan bäri, esasanam 2000-nji ýyllaryň başyndan bäri, Türkiýe diňe bir regionyň hökümetleri bilen däl, eýse käbir toparlar bilen hem gepleşikler geçirip, öz syýasatyny şonuň netijesine görä alyp barýar. Munuň mysallary bar, meselem “Hamas” bilen şeýle-de Liwanda ýerleşýän “Hizbullah” toparynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirilipdi. “Hamas” topary bilen aktiw hyzmatdaşlyk edilýär. Zerur bolan halatynda Türkiýe Yrakdaky toparlar, şol sanda Muktada Al-Sadir bilen hem gepleşikler geçirýär. Bu gepleşikleriň maksady regionyň durnuklulygyna we parahatçylygyna goşant goşmakdan ybarat”.

Talybanlaryň Türkiýede öz ofisini açmak mümkinçiligi barada berlen soraga Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň wekili Azatlyk Radiosyna bu soragy Türkiýäniň hökümetine bermegi maslahat berdi.

Emma “Talyban” bilen geçiriljek gepleşikleriň şowly bolmagy üçin käbir böwetleriň hem açylmagy zerur. Olardan biri hem talybanlaryň janyndan geçen bombaçylar we beýleki usullar arkaly terrorçylykly hereketlerini dowam etdirmegi baradaky meseledir.

Ikinji mesele, şol güýçleriň bir topardan ybarat bolmazlygydyr. Olaryň arasyndaky bölünişikler, haýsy topar bilen gepleşikler geçirilmeli diýlen meselede owgan hökümetiniň we gepleşikleri geçirmek boýunça iş alyp barýan beýleki edaralaryň işini kynlaşdyrýar.

“Talyban” bilen gepleşik geçirmek boýunça mundan ozalky edilen bir synanyşykda talybanlara wekilçilik edýändigini aýdyp, ýygnaga gatnaşan bir adamyň, agzalýan topar tarapyndan ykrar edilmeýänligi aýdylansoň, şol synanyşyk şowsuzlyga uçrady.

Ankaranyň islegi...

Ankarada ýerleşýän Halkara strategiki barlaglar merkeziniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça synçysy Dr. Mustafa Turgut Demirtepe, talybanlara ofis açmaga rugsat edilen ýa gepleşikler geçirmäge Türkiýä çagyrylan halatynda, Ankara edil şol wakanyň gaýtalanmagyny islemeýär diýdi.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan (çepde) Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý bilen duşuşýar, Stambul, 24-nji ýanwar 2010-njy ýyl.
“Türkiýäniň esasy şertlerinden biri – talybanlaryň arasynda agzybirligiň bolmagydyr. Olaryň hemmesiniň bir hörpden gopmaklygy zerur. Sebäbi seniň olardan haýsydyr biri bilen duşuşmagyň mümkin, emma ol adam tutuş topara wekilçilik etmeýän bolsa, ol gepleşigiň peýdasy bolmaz” diýip, Demirtepe aýdýar.

Talybanlaryň käbir wekilleriniň Türkiýede ofis açmak meselesine oňyn garaýanlygy barada habarlar ýüze çykýarka, “Talyban” baradaky bu tagallanyň nähili amala aşyrylmalydygy boýunça meseläniň jikme-jigi hakda türk tarapy takyk maglumat bermekden saklanýar.

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seljuk Ünal Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde bu mesele hakda Türkiýäniň oýnaýan roly barada takyk maglumat bermän, Ankaranyň Owganystanyň parahatçylygy üçin elinden gelenini aýamajagyny belledi. “Talyban” bilen gepleşikler geçirilýärmi diýlen soraga-da, ol bu ugurda bize haýsydyr bir talap gowuşmady diýip, maglumat berdi.

Emma, muňa garamazdan, Türkiýäniň Gazi Uniwersitetiniň professory Dr. Seýfettin Erol bolsa, Türkiýäniň talybanlar barada syýasatynyň ugruny üýtgedenligini belledi: “Häzirki döwürde talybanlar bilen gepleşikler geçirmek baradaky habarlar diňe metbugat arkaly halk köpçüligine ýaýradylýar. Emma men bu meseläniň ýakyn wagtlarda gün tertibine girjekdigini çak edýärin”.
XS
SM
MD
LG