Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň prezidenti “möhüm kararyny” yglan etjekdigini aýdýar


Penşenbe güni Siriýanyň prezidenti ýurtdaky protestçileriň talapalaryny berjaý etmek üçin özüniň “möhüm kararyny” yglan etjekdigini aýtdy.

Prezident Başar al-Assadyň media maslahatçysy Buthaina Şaaban Siriýanyň halkynyň “juda möhüm kararyň” şaýady boljakdygyny aýtdy.

Penşenbe güni Siriýanyň Daraa şäherinde 20,000 töweregi adam çarşenbe güni howpsuzlyk güýçleri tarapyndan öldürilenleriň jaýlanyş çäresine ýygnandy.

Hukuk goraýjy guramalaryň bellemegine görä, çarşenbe güni Omari metjidiniň golaýynda protestçilere ot açylanda 100 töweregi adam ölüpdir.

Assadyň "Baas" partiýasy ýurdy 40 ýyl bäri dolandyrýar.
XS
SM
MD
LG