Sepleriň elýeterliligi

Kaddafiniň režiminiň güýçlerine garşy hüjümler ýaýbaňladyldy


Birleşen Milletler Guramasynyň Liwiýanyň howa giňişligi arkaly uçuş gadaganlygyny girizmek rezolýusiýasyny amala aşyrýan halkara koalision güýçler penşenbe güni Muammar Kaddafiniň režiminiň güýçlerine garşy hüjümleri ýaýbaňlatdy.

Birleşen Ştatlaryň Afrikadaky komandowaniýesiniň berýän maglumatyna görä, soňky 24 sagadyň dowamynda Kaddafiniň güýçleriniň obýektlerine 14 tamogawk kysymly raketa atylypdyr.

NATO-nyň düzümine girýän 28 döwletiň wekilleri ýaranlygyň Liwiýa meselesi baradaky roly boýunça Brýusselde maslahat geçirýärler.
XS
SM
MD
LG