Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýada atom stansiýasynyň iki işgäri keselhana ýerleşdirildi


Ýaponiýanyň “Fukusimo-Daiçi” atom stansiýasynda çenden aşa radiasiýa duçar bolan üç işgäriň ikisi keselhana ýerleşdirildi. Bu barada ýurduň Ýadro agentliginiň wekilleri aýdýar.

Ýer yranma we sunami sebäpli zeper ýeten atom stansiýasynyň reaktorlarynyň sowadyş sistemasyny dikeltmek tagallary dowam edýär.

Resmileriň bellemegine görä, tebigy heläkçilikde ölenleriň resmi sany 9,700 töweregi adam bolupdyr.
XS
SM
MD
LG