Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO-nyň ýokary derejeli komandiri türk resmileri bilen duşuşdy


Penşenbe güni NATO-nyň ýokary derejeli harby komandiri, Birleşen Ştatlaryň admiraly James Stawridis Ankarada türk resmileri bilen gepleşik geçirdi.

Bu gepleşikleriň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Liwiýanyň howa giňişligi arkaly uçuş gadaganlygyny girizmek rezolýusiýasyny amala aşyrmak hereketinde NATO-nyň ýolbaşçylyk etmegine Türkiýäniň garşy çykmagy barada maslahat edildi.

Mundan ozal, Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutogly Liwiýanyň howa giňişligi arakly uçuş gadaganlygyny girizmek ugrunda tagalla edýän koalisiýa güýçleriniň diňe BMG-iň rezolýusiýasy esasynda hereket etmelidigini, şeýle-de bu rezolýusiýadan Muammar Kaddafiniň režiminiň synmagy üçin peýdalanmaly däldigini nygtapdy.
XS
SM
MD
LG