Sepleriň elýeterliligi

Fransuz harbylary 3 tonna kokain alyp barýan gämini saklady


Fransuz harby gämisi Kosta Rikanyň halkara suwlarynda 3 tonna kokain alyp barýan gämini saklady. Saklanan gämidäki ençeme adam tussag edildi.

Fransiýanyň San Žosedäki ilçihanasynyň berýän maglumatyna görä, gämini saklamak operasiýasy duşenbe güni daňdan geçirilipdir.

Fransuz gämileri, neşe gaçakçylygyna garşy baglaşylan Karribiýan ylalaşygy esasynda, bu regiona gözegçilik edýärler. Fransiýadan başga-da bu ylalaşyga Birleşen Ştatlar, Niderlandlar, Kosta-Rika, Guatemala we Dominikan Respublikasy hem gol goýdy.
XS
SM
MD
LG