Sepleriň elýeterliligi

Günorta Koreýa demirgazyk serhedinde harby türgenleşik geçirdi


Penşenbe güni Seul Günorta Koreýa bilen Demirgazyk Koreýanyň serhediniň golaýynda harby türgenleşik geçirdi. Bu türgenleşik Günorta Koreýanyň harby gämisiniň gark edilmeginiň ýyl dönümine gabatlanyp geçirildi.

Goranmak ministrliginiň berýän maglumatyna laýyklykda, serhetden 30 km. uzaklykdaky Poçeon regionynda geçirilen bu türgenleşiklere tanklar, artilleriýa ýaraglary, wertolýotlar we harby uçarlar gatnaşypdyr.

Şeýle-de Günorta Koreýa duşenbe güni bir hepdelik deňiz türgenleşiklerini geçirmäge başlady. Bu çäre hem geçen ýyl Günorta Koreýanyň gämisiniň gark edilmeginiň hatyrasyna bagyşlanyp geçirilýär.

Seul gäminiň batyrylmagynda Demirgazyk Koreýany günäkärleýär.
XS
SM
MD
LG