Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň esgeri 24 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi


Birleşen Ştatlaryň esgeri ýaragsyz owgan raýatlaryny öldürmekde aýyplanyp, amerikan harby sudy tarapyndan 24 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

22 ýaşly Jeremi Marlok özüniň dört ýarany bilen parahat ilaty öldürmegi planlaşdyrandygyny boýun aldy.

Bu Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky harby operasiýasy döwrüne degişli iň uly sud diňlenşigi boldy.

Marlok Owganystanyň Kandahar welaýatynda 2010-njy ýylyň ýanwar, fewral we maý aýlarynda üç sany ýaragsyz owgan raýatynyň öldürilmeginiň başyny çeken günäkär hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG