Sepleriň elýeterliligi

Pakistandaky partlamada azyndan bäş adam öldi


Pakistanyň demirgazygynda janyndan geçen hüjümçi özüni maşynda partlatdy. Ýurduň polisiýasy bu partlamada azyndan bäş adamyň ölendigini habar berýär.

Ýokary derejeli polisiýa resmisi Raşid Hanyň aýtmagyna görä, Hangu etrabynda amala aşyrlan şol partlamada ýene-de onlarça adama şikes ýetipdir. Onuň bellemegine görä, ölenleriň arasynda polisiýanyň ofiseri hem bar.

Hangu Pakistanyň Owganystan bilen serhedinde ýerleşip, bu ýer “Al-Kaýdanyň”, “Talybanyň” we ýerli söweşijileriň mekany hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG