Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 85 ýaşady


Türkmenistanda ýurduň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň 85 ýyllygyna bagyşlanyp, ýörite Halkara konferensiýa geçirilýär.


Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň gumanitar diplomatiýa boýunça ýörite maslahatçysy Tore Swenning Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Aşgabatda açylan konferensiýada Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň Türkmenistanda alyp barýan işleri we geljegi barada gürrüň ediljekdigini mälim etdi.

“Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, köp tarapdan seredilende, örän şöhratly geçmişi bar. Türkmenistanyň geljek ýyllarda amala aşyrmagy göz öňünde tutýan ençeme anyk çäreleri hem bar. Bu çäreleriň arasynda gumanitar ugur, şol sanda saglyk pudagy boýunça öz tagallalaryny ösdürmek, meýletinçileriň işlerini kämilleşdirmek hem bar” diýip, Swenning aýtdy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu halkara konferensiýa gatnaşyjylara ýüzlenme ýollady. Ol Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň Ikinji jahan urşy ýyllarynda ýaralylary halas etmekde we bejermekde saglygy goraýyş edaralaryna ýardam bermek bilen ynsanperwerligiň, rehim-şepagatlylygyň iň ajaýyp nusgasyny görkezendigini belledi.

Şonuň ýaly-da, 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Aşgabat şäherinde we onuň golaýyndaky obalarda bolan güýçli ýer titreme zerarly ejir çekenlere Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň meýletinçileriniň ilkinjileriň hatarynda kömege gelendikleri hem prezidentiň ýüzlenmesinde nygtalýar.

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň gumanitar diplomatiýa boýunça ýörite maslahatçysy Tore Swenning türkmen hökümeti bilen Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň özara gatnaşyklarynyň örän gowudygyny hem sözüne goşdy: “Biziň türkmen hökümeti bilen örän dostlukly gatnaşyklarymyz bar. Biziň hökümet bilen entek ylalaşmadyk hiç hili meselämiz bolmady”.

Türkmen türmeleri

Adam hukuklary boýunça halkara “Amnesty International”, “Human Rights Watch” guramalary, Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti türkmen hökümetini bu guramalaryň ekspertlerine Türkmenistanyň türmelerine baryp görmäge rugsat etmäge yzygiderli çagyryş edip gelýärler. Bu ugurda käbir gepleşikleriň geçirilýändigini türkmen mediasy habar berdi.

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Mejlisinde Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň we Gyzyl Ýarymaý Halkara Federasiýasynyň regional wekilhanasynyň wise-prezidenti Bent Westerberg bilen duşuşyk boldy. Duşuşygyň dowamynda Westerbergiň ýurtda amala aşyrylýan reformalar boýunça Mejlisiň edýän işleri bilen tanşandygyny türkmen mediasy habar berdi.

Westerberg beýleki ministrliklerde hem gepleşikler geçirdi. Emma resmi media şol duşuşyklarda Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň wekilleriniň türkmen türmelerine baryp görmegi bilen bagly gürrüň edilendigi hakynda maglumat bermedi.

Bent Westerberg Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň döredilmeginiň 85 ýyllygy mynasybetli geçirilýän Halkara konferensiýa gatnaşmak üçin türkmen paýtagty Aşgabada gelipdi.

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýylda döredilipdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG