Sepleriň elýeterliligi

Unuň bahasy


Ýazgulyýew: "Mäne-Çäçe ýaly etrap merkezlerinden has uzakdaky obalarda erkin bahadan un satylmaýar".

Ýazgulyýew: "Mäne-Çäçe ýaly etrap merkezlerinden has uzakdaky obalarda erkin bahadan un satylmaýar".

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň prezidenti öz iýjek bugdaýymyzdan artyk 200 müň tonnadan gowrak dänäni eksport etmäge rugsat berýän karara gol çekdi. 18-nji martda geçen Minstrler Kabinetiniň mejlisinde bolsa Türkmenistanyň Eýrana bir müň tonna uny sowgat berýändigi habar berildi. Bu wakalar döwlet ýolbaşçysynyň oba hojalygynda edýän reformalarynyň uly üstünlik gazanýandygyny dünýä äşgär etjek bolmak isleginiň uludygyny görkezýär.

Özüni Myrat diýip tanadan, statistik hänärmeniň aýtmagyna görä, ýurdumuzda sarp edilýän unuň uly bölegi söwdagärler tarapyndan daşary ýurtdan, esasan, Orsýetden, Gazagystandan getirilýär. Ýöne daşary ýurt unlarynyň bahasy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, azyndan 50% gymmatlapdyr.

Marynyň ak bazarynda Gazagystandan un getirip satýan Sapar söwdagär daşary ýurt unlarynyň gymmatlamagynyň sebäbini şeýle düşündirdi: “Unlaryň dünýä bahasy gymmatlady, munuňam üstesine ýol kireýlerem ýokarlandy. Indiki getirjek unumuzy ýene 10% ýokary bahadan satmaly bolar, sebäbi alýan ýerimizde bahalar ýokarlanypdyr.”

Geçen ýylyň awgustyna çenli özümizde öndürilen birinji sortly unuň 45 kilogramyny döwlet dükanlaryndan 23 manada erkin satyn almak bolýardy. Häzir bolsa şol bahadan jan başyna 6 kilogram un almak mümkin. Dogry, şäherleriň, etrap merkezleriniň, şäherçeleriň, hatda käbir öňdebaryjy obalaryň döwlet dükanlarynda birinji sortly bir halta un 28-30 manatdan erkin bahadan satylýar. Geçen ýylyň ikinji ýarymyna çenli bir haltasy 29 manat bolan ýerli ýokary sort unlarymyz dükanlarda kän ýok. Ugruny tapyp, dükan müdirlerine sargaýanyňda hem ol unlaryň bir haltasy 45 manatdan arzan däl. Ol bahadan un almaga köp maşgalalaryň güýjem ýetenok.

Emma Mäne-Çäçe ýaly etrap merkezlerinden has uzakdaky obalarda erkin bahadan un satylmaýar. Jan başyna berilýän un bolsa ilatyň ortaça aýlyk sarp edýän ununyň deň ýarysydyr. Maşgalasynda ýaşaýanlaryň hemmesi uly adam bolanlara ol unuň on güne zordan ýetýändigini adamlar janygyp gürrüň berýärler.

Döwlet dükanlarynda erkin bahadan un tapdyrmaýan obalaryň ilaty maşyn tutup, etrap merkezlerinden un getirýärler. Ýeňil maşynda bir, mikroawtobuslarda 2-3 haltadan köp unuň ýüklenenini bilseler, ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri uly jerime salýarlar. Bu bolsa oba ilatyna unuň has gymmat düşmegine sebäp bolýar.

Türkmenistanyň Eýrana bir müň tonna uny sowgat berýändigini eşiden uzakdaky oba ilatynyň adamlary: “Biziň obamyza sowgad-a däl, elýeter bahadan, erkin bahadan un berselerem, döwlet ýolbaşçylaryndan minnetdar bolardyk” diýişýärler.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG