Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda Adam hukuklary boýunça maglumat merkezi açyldy


Duşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ösüş programmasynyň administratory Helen Klark bilen duşuşyk geçirdi diýip, turkmen metbugaty habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda dürli ugurlar boýunça, şol sanda sosial-ykdysady, gumanitar, saglygy goraýyş, ekologiýa ýaly meseleler barada hem maslahat edilendigi aýdylýar.

Duşenbe güni Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary institutynda Adam hukuklary boýunça maglumat merkeziniň açylandygy hem habar berilýär.

Bu merkez Türkmenistan hökümetiniň, Ýewropa Bileleşiginiň, BMG-niň Ösüş programmasynyň we BMG-niň adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň bilelikdäki proýekti esasynda açylypdyr.
XS
SM
MD
LG