Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaddafä degişli bank hasaplarynyň üsti açyldy


Şweýsariýada Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafä degişli jemi 400 million amerikan dollaryndan geçýän puly saklaýan bank hasaplarynyň üsti açyldy. Muny duşenbe güni Şweýsariýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Lars Knuçel mälim etdi.

Onuň bellemegine görä, häkimiýetden çetleşdirilen Müsüriň ozalky prezidenti Hosni Mubarege we Tunisiň öňki baştutany Ben Alä degişli bank hasaplary hem tapylypdyr.

Müsüriň we Tunisiň täze hökümetleri çetleşdirilen diktatorlaryň hasaplaryndaky pullary yzyna bermegi haýyş edip, Şweýsariýanyň hökümetine ýüz tutupdylar.
XS
SM
MD
LG