Sepleriň elýeterliligi

Kaddafiniň güýçleri Misurata hüjüm etdiler


Liwiýada Muammar Kaddafä ygrarly güýçler Misurata şäherindäki gozgalaňçylara garşy tank hüjümlerini dowam etdirdiler.

Keselhana işgärleriniň berýän maglumatyna görä, çaknyşyklarda azyndan alty adam ölüpdir, başga-da onlarça adam ýaralanypdyr.

Misurata – ýurduň günbatarynda ýerleşýän gozgalaňçylaryň gözegçiligindäki ýeke-täk berkitme şäheridir. Ol Kaddafiniň güýçleri tarapyndan gabawda saklanylýar.

Ýurduň paýtagty Tripolide NATO-nyň howa hüjümi netijesinde heläk bolan Kaddafiniň ogly Seif al-Arabyň we üç agtygynyň jaýlanyş çäresine taýýarlyk görülýär.
XS
SM
MD
LG