Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda Gümrük bileleşigine goşulmak baradaky diskussiýa gyzyşýar


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew (sagda) we onuň gazak we belarus kärdeşleri Nursoltan Nazarbaýew (ortada) we Aleksandr Lukaşenko Gümrük bileleşiginiň sammitinde, Moskwa, 2010-njy ýylyň 9-njy dekabry.
Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew (sagda) we onuň gazak we belarus kärdeşleri Nursoltan Nazarbaýew (ortada) we Aleksandr Lukaşenko Gümrük bileleşiginiň sammitinde, Moskwa, 2010-njy ýylyň 9-njy dekabry.
Gyrgyzystanyň premýer-ministri Almazbek Atambaýew ýurduň raýatlaryny hökümetiň GDA-nyň Gümrük bileleşigine girmäge synanyşmak baradaky kararyny goldamaga çagyrdy.

Gyrgyzystanyň premýer-ministri Almazbek Atambaýew
Aprel aýynyň başlarynda Atambaýew bu hakda şeýle pikiri öňe sürüpdi: “Orsýet, Gazagystan we Belarus bilen bu bileleşige goşulmak ýurduň daşky serhetlerini güýçlendirer. Gyrgyzystanyň Orsýetde we Gazagystanda işleýän graždanlarynyň ýaşaýyş we iş şertlerini gowulandyrar”.

Gyrgyzystanyň GDA-nyň Gümrük bileleşigine girmeginiň öňünde duran esasy päsgelçilik onuň Bütindünýä söwda guramasyna agzalygy. Öňki SSSR-den bu gurama kabul edilen ilkinji ýurt Gyrgyzystan. Bu 1998-nji ýylda bolupdy.

Peýdalymy?

Esegul Omuralyýew Gyrgyzystanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmegi barada giden gepleşiklere ýolbaşçylyk eden adam. Onuň pikiriçe, ýurduň Gümrük bileleşigine girmegi ykdysady taýdan peýdaly bir zat däl.

“Gümrük bileleşigine goşulmak ilki bilen bir syýasy mesele, ondan soň ykdysady mesele. Gyrgyzystanyň sowda sistemasyna seretseň, daşary söwdanyň 32 prosenti Orsýetiň, galan 68 prosenti hem beýleki ýurtlaryň paýyna düşýär. Biz Gümrük bileleşiginiň şertlerini kabul etsek, onda söwdanyň beýleki ýurtlar bilen bolan 68 prosenti näme bolar? Biziň-de öz ykdysady bähbitlerimiz bar. Söwdagärlerimiz ýatdan çykarylmaly däl” diýip, Ömüralyýew aýdýar.

Esasy päsgelçilikleriň biri daşary söwdanyň şu galan 68 prosenti. Gyrgyzystanda daşary söwdanyň 70 prosente golaýyny emele getirýän import. Gümrük nyrhy hem ortaça hasap bilen 5,1 prosent. Gümrük bileleşiginde bolsa, 10,1 prosent. Şol sebäpden Gyrgyzystan özüniň Bütindünýä söwda guramasyndaky söwda ýaranlaryna bu ýokary nyrh üçin kompensasiýa tölemeli bolýar. Bu hem käbir çaklamalar boýunça 1,5 milliard dollar. Ondan ýokary bolmagy-da mümkin.

Import-eksport

Gyrgyzystanda on müňlerçe söwdagär arzan bahadan hytaý öňümlerini alyp, goňşy ýurtlara satýarlar. Ýokarlandyrylan import nyrhy bularyň hem gazanjyny peselder. Ýöne gyrgyz hökümetiniň Söwdany ösdürmek we maýa goýum geňeşi sekretariatynyň başlygy Talaýbek Koýçumanow: “Gyrgyzystanda haryt öňdürýänleriň Gümrük bileleşigindäki ýurtlaryň regional bazarlaryna elýeterligi bolar” diýýär.

Gyrgyzystanyň Gümrük bileleşigine girmeginiň tarapyny çalýanlaryň ýene biri ýurduň nebit söwdagärleriniň birleşiginiň başlygy Jumakadyr Akeneýew. Ol: “Mysal üçin, Orsýet birje hereket bilen Gyrgyzystanyň ykdysadyýetini dargadyp bilýär. Şol sebäpden Orsýetiň ambisiýalary barada gürrüň edemizde, ätyýaçly bolmaly. Gürrüň syýasat barada däl-de, Gyrgyzystanyň ykdysadyýetiniň geljegi barada barýar. Biz Gyrgyzystanyň ykdysadyýetiniň geljegi barada oýlanýan bolsak, onda Gümrük bileleşigine girmeli” diýýär.

Gyrgyzystanyň ýakyn geljeginiň bir bölegini emele getirýän – Orsýete we Gazagystana gidip işleýän 100 müňlerçe migrant işçiniň öýlerine iberýän pullary. Öten ýyl bu pullar 1,2 milliard dollar çemesi boldy. Özlerini hasaba aldyryp, iş rugsadyny almakda bu işçiler köp kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Ýurdyň zähmet we migrasiýa ministri Almazbek Abytow: “Gümrük bileleşigine girilse, bu problemalar şol bada çözler” diýýär.

Ukrainany hem gyzyklandyrýar

Gyrgyzystanyň Gümrük bileleşigine girip-girmezligi Ukrainany hem gyzyklandyrýar. Başda aýdylyşy ýaly, bu bileleşige girmekde Gyrgyzystanyň öňünde duran päsgelçilik onuň Bütindünýä söwda guramasyna agzadygy.

Ukraina hem Gümrük bileleşigi bilen şular ýaly bir ylalaşyga gyzyklanma bildirdi. Ol şol bir wagtyň özünde-de Ýewropa Bileleşigi bilen hem erkin söwda zonasyny döretmäge ymtylýar.

“Gazpromyň” ýerine ýetiriji müdiriniň orunbasary Waleriý Golubew 7-nji aprelde: “Ukraina Gümrük bileleşigine goşulsa, gaz importynda 8 milliard dollar tygşytlap biler” diýdi.

Ýewropa Bileleşiginiň Söwda komissiýasynyň sözçüsi Johm Klansi hem şol gün Ukraina Gümrük bileleşigine girse, onuň erkin söwdä zonasyny döretmek barada Ýewropa Bileleşigi bilen gepleşik geçirip bilmejekdigini duýdurdy.
XS
SM
MD
LG