Sepleriň elýeterliligi

Ýewropanyň Çempionlar ligasynda ýarym finallaryň ikinji oýunlary geçirilýär


Londonda "Arsenal" “Mançester Ýunaýted” komandasyndan 1-0 hasabynda üstün çykdy.

Londonda "Arsenal" “Mançester Ýunaýted” komandasyndan 1-0 hasabynda üstün çykdy.

Slowakiýada hokkeý boýunça Dünýä ýaryşy dowam edýär. Onda Kanadanyň milli komandasy şowly çykyş edýär.

Orsýetli hokkeýçiler birinji oýunda Germaniýadan utuldylar. Ikinji oýunda weli olar Sloweniýanyň komandasyny kynlyk bilen 6-4 hasabynda utdular. Indi, ýaryşyň ikinji tapgyryna çykmak üçin, Orsýetli hokkeýçiler ýer eýelerini – Slowakiýany ýeňmeli.

Mälim bolşy ýaly, hepdäniň sişenbe we çarşenbe günleri Ýewropanyň Çempionlar ligasynda ýarym finallaryň ikinji oýunlary geçiriler. Futbol söýüjileriň köpüsi myhmançylykda ýeňiş gazanan “Mançester Ýunaýted” (Manchester United) bilen “Barselona” (Barcelona) 18-nji maýda Londonyň “Wembli” (Wembley) stadionynda final oýunda duşuşarlar diýip çak edýär.

Ýewropanyň öňdebaryjy futbol ýurtlarynyň çempionatlarynda hem iň soňky tapgyrlar geçirilýär. Angliýada “Mançester Ýunaýted” Londonda “Arsenaldan” 0-1 hasabynda utulandan soň bäsleşik ýene gyzykly bolup başlady. Indi “Çelsi” (Chelsea) mançesterlilerden diňe 3 oçko yza galýar. Indiki tapgyrda hem olar öz aralarynda duşuşmaly.

Ispaniýada “Barselona-da”, ondan 8 oçko yza galýan “Real” hem öz garşydaşlaryndan ýeňildiler. Ýöne bu ýyl “Barsanyň” çempion boljagyna şübhelenýänler az.

Italiýada bäsdeşlik Milanyň iki komandasynyň arasynda barýar. “Milan” 35 oýundan soň 77 oçko toplady, “Interiň” 69 oçkosy bar. Ýaryşda ýene 3 oýun oýnalmaly.

Germaniýada Dortmundyň “Borussiýasy” çempion boldy. Ýaryşyň entek dowam edýändigine garamazdan, dortmundlylar yzyndan ýetip bolmajak derejede arany açdylar.

Ýene-de hokkeý mowzugyna gaýdyp gelsek, onda Milli Hokkeý Ligasynda “Utulan – çykdy” (play off) terzinde oýnalýan oýunlarda “Waşington Kapitalzyň” (Washington Capitals) öz meýdançasynda Tampa Beýden (Tampa Bay Lighting) ýene-de utulandygyny bellemeli. Indiki iki oýun Tampa Beýde geçer.

“San Hose Şarks” (San Jose Sharks) hem “Detroýty” (Detroit Red Wings) iki gezek utdy.

“Wankuwer Känaks” (Vancouver Canucks) “Näşwill Predatorsyň” (Nashville Predators) basleşiginde oýunlar boýunça hasap 1-1.

“Filadelfiýa Flaýers” (Philadelphia Flyers) hem oýnalan birinji oýunda “Boston Brýuinsden” (Boston Bruins) utuldy.

Milli Basketbol Assosiýasiýasynda (NBA) hem “Utulan - çykdy” oýunlaryň birinji tapgyry tamamlanyp, Gündogar we Günbatar konferensiýalaryň ýarym final oýunlary dowam edýär. Olar barada indiki gezek gürrüň bereris.

Azatlyk Radiosynyň sport habarçysynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG