Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝP: Türkmenistandaky ýagdaýlar uly alada goýýar


Sişenbe güni Brýusselde Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýyny synlamak üçin 27-nji aprelde bu ýurda sapar eden Ýewropa Parlamentiniň agzalary ýörite metbugat konferensiýasyny geçirdiler.

Bu konferensiýa gatnaşan Azatlyk Radiosynyň Brýusseldäki habarçysy Rikard Jozwiagyň aýtmagyna görä, metbugat konferensiýasynda Türkmenistanda adam hukuklarynyň berjaý edilişini barlamaga baran Ýewroparlamentiň üç agzasy çykyş edip, Türkmenistandaky adam hukuklary bilen bagly ýagdaýyň özlerini uly alada goýýandygyny aýdypdyrlar.

Emma Ýewroparlamentiň agzalary bu mesele bilen bagly karara gelmäge özleriniň entek taýýar däldiklerini aýdýarlar.

Türkmenistana sapar eden delegasiýa ýurtdaky adam hukuklary bilen bagly ýagdaýy gowulandyrmak üçin türkmen häkimiýetlerine ýene birnäçe hepde wagt bermek kararyna geldiler diýlip, habar berilýär.

Maglumata görä, Ýewropa Parlamentiniň wekilleri türkmen häkimiýetlerinden adam hukuklary bilen bagly ýagdaýa syn etmek üçin halkara guramalara bu ýurda gelmäge rugsat bermeklerine garaşýandyklaryny Brýusselde geçirilen metbugat konferensiýasynda beýan edipdirler.

Ýewroparlamentiň Daşary işler boýunça komiteti şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistan bilen Ýaranlyk we Hyzmatdaşlyk ylalaşygyny makullapdy. Şondan soň, bu dokumentiň Ýewropa Parlamenti tarapyndan tassyklanmagyna päsgelçilik galmandy.

Emma indi Türkmenistanda adam hukuklarynyň berjaý edilişinde öňegidişligiň bolmazlygy Ýewropa Parlamentiniň öz kararyny üýtgetmegine sebäp bolup biler.

Delegasiýanyň taýýarlajak hasabaty esasynda Ýewropa Parlamentiniň Daşary işler boýunça komiteti ses berişligiň yza tesdirilmegi ýa tesdirilmezligi barada karar çykarar. Bu mesele boýunça iýun aýynda ses berişlik geçirilmeli.
XS
SM
MD
LG