Sepleriň elýeterliligi

Oba hojalygymyzy özgertmeli


Ýazgulyýew: "Azyk ekinleri taşlanan ýa-da pagta-bugdaý ekilip şorladylan, zaýalanan ekerançylyk meýdanlaryna ekilýär".

Ýazgulyýew: "Azyk ekinleri taşlanan ýa-da pagta-bugdaý ekilip şorladylan, zaýalanan ekerançylyk meýdanlaryna ekilýär".

Ýakynda meniň bilen gürrüňdeş bolan birnäçe daýhan prezident Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet başyna geleninden soňra, Saparmyrat Nyýazow döwri bilen deňeşdireniňde, ýurtda pagta-galla öndürmekde has amatly şertleriň döredilendigini tassyklady.

Emma edýän işlerine diňe pagta-bugdaý öndürmekde gazanan netijeleri boýunça baha berilýändigi sebäpli, daýhan birleşiginiň başlygyndan tä oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän wise-premýere çenli beýleki azyk önümlerini öndürmekligi ikinji derejeli zat hasaplaýarlar. Şol sebäplem prezidentiň oba hojalyk ekerançylygynda ylmy esasda ekin dolanyşygyna geçmeli diýýän tabşyrygy häzire bu güne çenli ýerine ýetirilenok.

Pellehana ýetmek üçin...


Ýerlerde goýlan agyr pagta-galla borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin, ol ekinler meýilleşdirilenden has köp ekilýändigini çekinmän aýtsa bolar. Mysal üçin, Mary welaýatynyň häkimliginden ýokary wezipeli hünärmen Oguz han, Altyn sähra, Baýramaly, Tagtabazar, Ýolöten, Guşgy etraplarynyň köp daýhan birleşiklerinde welaýatyň pagta-bugdaý borçnamasyny berjaý etmek üçin meýilleşdirileninden azyndan esse ýarym köp ekilýändigini aýtdy.

Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň 9-njy sowhoz diýlip atlandyrylýan daýhan birleşiginde bolsa tabşyrylan pagta-galla borçnamany amal etmek üçin ýokardan görkezmäniň gelendigini, hut şol sebäplem has artyk ekip, döwlet tabşyryklaryny ýerine ýetirendiklerini bu daýhan birleşiginden Sapar brigadir gürrüň berdi.

Baýramaly etrabyndan agronom Ata aga bolsa: «Häzir kärendeçiden gektardan 20-25 sentner hasyl almak talap edilýär. Hakykatda bolsa, ýurdumyzyň ýer-suw, tehnika, dökün mümkinçiligini nazarda tutanyňda, bir gektardan 15 sentnerden kän pagta-galla hasylyny almak mümkin däl» diýýär.

Näme etmeli?

Has dogrusy, pagta-bugdaý borçnamalarynyň juda çökderdigi sebäpli, bu ekinler ekilmelisinden has köp ekilip, beýleki azyk ekinleriniň ekilişi bolsa barha çäklendirilýär. Has beteri-de azyk ekinleri taşlanan ýa-da pagta-bugdaý ekilip şorladylan, zaýalanan ekerançylyk meýdanlaryna ekilýär.

Şonuň üçin, birinjiden, oba hojalygynda daýhanyň mümkinçiliginden has ýokarda bolan borçnamany azaldyp, her gektardan 15 sentnerden köp pagta-galla borçnamasyny goýmaly däl. Ikinjiden, prezidentiň oba hojalygynda ylmy esasda ekin dolanyşygyna geçmek tabşyrygyny amal etmek, ýurdumyzda azyk önüm bolçulygyny döretmek üçin, girdejisi örän az bolan galla ekişini kemeldip, onuň ýerine gök önüm, bakja, miwe ekinleriniň ekişini has artdyrmaly. Iň esasy hem daýhanyň özüne erkinlik berip, olaryň islegine görä ekin ekmegine, girdeji almagyna şert döeretmeli. Şeýle işler edilende, oba hojalygyndan bol hasyl alynjakdygyna, ýurdumyzyň içinde azyk harytlarynyňam hemmeler üçin elýeter boljakdygyna şübhelenmeýärin.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG