Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Bin Ladeni kimiň gorandygyny derňemekçi


Birleşen Ştatlar Pakistan hökümetiniň Osama Bin Ladene gizlenmek üçin hemaýat edip-etmändigini “doly anyklajakdygyna” söz berýär.

Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardariniň Yslamabadyň “Al-Kaýdanyň” liderine penalyk etmändigini aýtmagyna garamazdan, Ak Tamyň terrorizme garşy göreş edarasynyň başlygy Jon Brennan bu beýanaty etdi.

Şeýle-de, mundan biraz öň Pakistan Birleşen Ştatlaryň Ben Ladeni ele salmak üçin ýurduň içine “rugsat berilmedik” girişi amala aşyrmagyna juda aladalanýandygyny hem mälim edipdi.

Pakistan hökümetiniň ýaýradan beýanatynda aýylmagyna görä, bu ýagdaý geljekde hem şeýle wakalaryň peýda bolmagyna sebäp bolmaly däldir.

Amerikanyň Merkezi aňtaw gullugynyň direktory Leon Panetta: “Pakistanlylar bilen hyzmatdaşlyk edilen bolsa, onda oprasiýa howp astyna salnyp bilnerdi” diýip belledi.

Ýekşenbe güni Bin Laden Birleşen Ştatlaryň Pakistanda geçiren gizlin operasiýasy netijesinde öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG