Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Osama Bin Laden öldürilende ýaragsyz eken


Osama bin Laden Amerikanyň ýörite güýçleri tarapyndan öldürilende ýaragsyz eken. Bu barada Ak Tam habar berýär.

Ak Tamyň metbugat wekili Jeý Karneýiň berýän maglumatlaryna görä, Bin Ladene garşy operasiýa geçirilende “durnuksyz ok atyşlyk” bolupdyr. Emma Karneý bu ýagdaýyň Bin Ladeniň ýerleşýän otagynda bolmandygyny hem sözüne goşdy.

Jeý Karneý şeýle diýdi: “Bin Ladeniň otagynda onuň aýaly amerikan hüjümçisiniň üstüne topuldy, ol aýalyň aýagyndan atdylar, ýöne ol ödürilmedi. Mundan soň Bin Laden atylyp öldürildi. Ol ýaragsyzdy” diýip, Ak Tamyň metbugat wekili nygtady.
XS
SM
MD
LG