Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanda kontrabandanyň üsti açyldy


Gazagystanda 130 million dollarlyk kontrabanda operasiýalarynyň üsti açyldy, şeýle-de bu işe dahyllylykda aýyplanyp, howpsuzlyk we gümrük resmileriniň tussag edilmegine görkezme berildi. Bu barada ýurduň polisiýasy habar berýär.

Ykdysady jenaýatlar edarasynyň metbugat wekili Murat Žumanbaýyň berýän maglumatyna laýyklykda, 100 adamdan ybarat jenaýat topary soňky bäş ýylyň dowamynda bikanun ýagdaýda Hytaýdan Gazagystana ýük getiripdir.

Žumanbaýyň aýtmagyna görä, munuň bilen baglylykda 16 adamyň, şol sanda Horgos gümrük postunyň başlygynyň tussag edilmegine görkezme berlipdir.
XS
SM
MD
LG