Sepleriň elýeterliligi

Bagdadyň etegindäki partlamada 9 adam öldi


Şu gün Bagdadyň eteginde awtoulagyň partladylmagy netijesinde 9 adam öldi we 33 adam ýaralandy.

Häzire çenli bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.

Polisiýa we keselhana işgärleriniň berýän maglumatyna görä, partlama Bagdadyň günorta-gündogarynda ýerleşýän Doradaky kafeleriň biriniň golaýynda amala aşyrylypdyr.

Ölenleriň we ýaralananlaryň aglabasy futbol ýaryşyna seredip oturan ýaşlar eken.
XS
SM
MD
LG