Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Bin Ladeniň ölümi boýunça “Hamasyň” garaýşyny ýazgardy


Birleşen Ştatlar Osama Bin Ladeniň ölümi bilen bagly Palestinanyň “Hamas” radikal toparynyň garaýşyny ýazgardy.

Döwlet departamentiniň metbugat wekili Mark Toneriň bellemegine görä, Amerikanyň operasiýasy sebäpli “Al-Kaýdanyň” baştutanynyň öldürilmegini Hamas toparynyň ýazgarmagy “gaharyňy getirji” ýagdaýdyr.

Berilýän maglumata görä, sişenbe güni Gaza sektorynda ýigrimä golaý palestinli Bin Ladeniň hatyrasyna aksiýa geçiripdir.

Ýigrimi bäş töweregi adamyň Bin Ladeniň suratyny göterip, Gaza uniwersitetiniň golaýynda ýöriş geçirendiklerini hem habar berilýär.

Polisiýa bu çärelere päsgel bermedi.
XS
SM
MD
LG