Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Siriýanyň protestçileri daramagyny ýazgardy


Birleşen Ştatlar Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň hökümetiniň ýurtdaky protestleri basyp ýatyrmak boýunça amala aşyrýan “wagşy çärelerini” ýazgardy.

Döwlet departamentiniň metbugat wekili Mark Toneriň berýän maglumatyna görä, Siriýanyň harby güýçleri Deraa şäherinde ýaşlary tussag edipdirler, şeýle-de şäherdäki elektrik toguny we aragatnaşyk liniýalaryny kesipdiler.

Aktiwistleriň aýtmagyna görä, Siriýanyň howpsuzlyk güýçleri Banias şäherine hem giripdirler.

Geçen hepde Siriýanyň hökümeti Deraa şäherine tanklary we esgerleri salypdy. Ol ýerde 18-nji martdan bäri hökümete garşy protestler geçirilýär.
XS
SM
MD
LG