Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Paýtagt Aşgabatda ÝUNESKO-nyň maslahaty açyldy


Sişenbe güni Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä taryhy mirasynyň sanawyna Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy miraslaryny hödürlemek boýunça Koordinasion geňeşiniň ikinji maslahaty açyldy.

Bu maslahata Türkmenistanyň spesialistlerinden daşary, gündogar ýurtlaryň 11-sinden ýörite wekiller gatnaşýarlar.

Mundan daşary, bu forumyň işine ÝUNESKO-nyň Bütindunýä taryhy mirasy boýunça merkeziniň we käbir beýleki halkara guramalaryň resmileriniň-de gatnaşýandyklary habar berilýär.

Dört güne çekjek maslahatyň barşynda gadymyýetde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen bu gündogar ýurtlaryň wekilleri gadymy taryhy ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindunýä taryhy mirasynyň sanawyna hödürlemek meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.
XS
SM
MD
LG