Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Fatah» bilen «Hamas» Kairde duşuşyk geçirýär


Şu gün Palestinanyň «Fatah» partiýasy bilen «Hamas» toparynyň özara barlyşmak baradaky ylalaşygyna gol çekmek dabarasyna gatnaşmak üçin bu iki toparyň liderleri Müsüriň paýtagty Kaire bardylar.

Palestinanyň «Fatah» partiýasy bilen «Hamas» topary 2007-nji ýylda geçirilen ähliumumy saýlawlardan soň Gaza sektorynda «Hamasyň» öz kontrollygyny ornaşdyrmagynyň yzy bilen özara duşmançylykly toparlara öwrülipdiler.

Müsüriň araçyllyk etmeginde geçirilýän bu ikilenji gepleşik Palestinanyň bu iki garşydaş toparynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Palestinada wagtlaýyn koalision hökümetiň döredilmegini maksat edinýär.

«Hamas» toparyny terror topary diýip häsiýetlendirýän Ysraýylyň hökümeti «Hamasyň» wekilleriniň gatnaşmagynda islendik bir resmi organyň döredilmegine garşy çykyş edýär.
XS
SM
MD
LG