Sepleriň elýeterliligi

Ors paýtagty Moskwada iki sany täjik raýaty öldürildi


Şu gün Orsýetiň polisiýasy Moskwa şäherinde etniki duşmançylyk bilen baglanyşykly ýüze çykan nobatdaky bir çaknyşykda iki sany täjik raýatynyň ölüp, ýene ikisiniň-de ýaralanandygyny habar berdi.

Polisiýanyň maglumatyna görä, bu waka öten agşam Moskwanyň demirgazyk-günbatar raýonynda ýüz beripdir.

Maglumata gorä, täjik raýatlary bilen köçede garpyşan näbelli adamlar olara garşy ýarag ulanypdyrlar.

Orsýetiň polisiýasy häzirki wagt bu waka boýunça derňew işleriniň alnyp barylýandygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG