Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Koreýadaky tussaglaryň ýagdaýyna alada bildirildi


Şu gün adam hukuklaryny goraýjy halkara “Amnesty International” guramasy Demirgazyk Koreýada «aýylganç şertlerde» saklanýan 200 müň töweregi tussagy işletmek üçin zähmet lagerleriniň geriminiň giňeldilendigi barada maglumatlaryň bardygyny aýdyp, muňa alada bildirdi.

“Amnesty International” guramasy bu baradaky maglumatlaryň ýakynda sputnik arkaly alnan suratlara hem-de bu ýurduň türme sakçylarynyň beren görkezmelerine esaslanýandygyny aýdýar.

Guramanyň maglumatyna görä, Demirgazyk Koreýanyň türmelerinde oturyp çykan käbir ozalky tussaglar hem özleriniň gulçulyk ýagdaýyndaky ýaly agyr zähmetlere we gynamalara sezewer edilendikleri barada maglumat beripdirler.
XS
SM
MD
LG