Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan uniwersitetinde Türkmen dili we edebiýaty kafedrasy açyldy


Şu gün demirgazyk Owganystanyň Jöwüzjan welaýatynyň uniwersitetinde Türkmen dili we edebiýaty kafedrasynyň açylyş dabarasy boldy.

Şu gün hem bu welaýatda türkmen ýaşlaryna dutar öwredýän sazçylyk merkeziniň hem açylyş dabarasy gurnaldy.

Mundan daşary, türkmen ilatynyň gür ýaşaýan bu Jöwüzjan welaýatynyň merkezinde ýerli telekeçileriň we gurply adamlaryň beren haýyr-sadaka pullaranyň hasabyna türkmen studentleri üçin gurlan iki sany umumy ýaşaýyş jaýynyň hem açylyş dabarasy geçirildi.

Şu gün bu çärelere gabatlap owgan türkmenleriniň Magtymguly-Pyragy adyndaky medeni jemgyýeti Magtymgulynyň şygyrýet baýramçylygyny hem gurnady. Oňa Owganystanyň dürli welaýatlarynda ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri bilen birlikde Jöwüzjan welaýatynyň häkimi we beýleki ýerli hökümet resmileri-de gatnaşdylar.
XS
SM
MD
LG