Sepleriň elýeterliligi

Bin Ladeniň Pakistanda öldürilmegi dartgynlygy güýçlendirdi


Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari "Al-Kaýdanyň" liderine Yslamabadyň pena bermändigini aýdýar.

Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari "Al-Kaýdanyň" liderine Yslamabadyň pena bermändigini aýdýar.

Osama bin Ladeniň Pakistanda öldürilmegi bilen baglanyşykly wakadan soň, Birleşen Ştatlar bilen Pakistanyň arasyndaky dartgynlylyk has-da güýçlendi.


Amerikanyň Birleşen Ştatlary “Al-Kaýdanyň” lideriniň nädip Pakistanyň içinden pena tapyp bilendigi bilen baglanyşykly öz aladasyny mälim etdi. Osama bin Laden Pakistanyň Abbottabad şäherindäki harby akademiýanyň binasyndan uzak bolmadyk ýerde indi bäş ýyl töweregi wagt bäri ýaşandyr diýlip çaklanylýar.

Sişenbe güni Birleşen Ştatlaryň Milli Jemgyýetçilik Radiosyna beren interwýusynda Ak Tamyň terrorizme garşy göreş boýunça departamentiniň başlygy Jon Brennan Osama bin Ladeniň Pakistanyň içinde ýaşap gelendiginden hökümet resmileriniň bihabar bolşuna haýran galýandygyny mälim etdi.

«Meniň pikirimçe, Pakistanyň öz içinde, şol sanda, Pakistanyň resmi hökümetiniň içinde-de haýsydyr bir şahsyýetleriň Bin Ladeniň ýurduň içinde gizlenýändiginden habarly bolan bolmaklarynyň mümkindigini aradan aýyrmaklyk ýerliksiz bolar. Biz edil häzirki wagt anyk hiç kimi aýyplamaýarys. Ýöne biz meseläniň anygyna ýetmek isleýäris» diýip, Brennan belledi .

Birleşen Ştatlar bilen Pakistanyň arasyndaky ynamsyzlygyň näderejede çynlakaýdygyny Amerikanyň Merkezi razwedka agentliginiň başlygy Leon Panettanyň «Taým» žurnalyna beren interwýusy hem belli bir derejede görkezýär.

Ol Osama bin Ladene garşy geçirilen operasiýada terrorçylara öňünden habar berilmeginden we operasiýanyň puja çykmagyndan howatyr edilip, bu operasiýa barada Pakistanyň resmi hökümetine-de habar bermekden saklanandyklaryny aýtdy.

«Alada dörediji garaýyş»


Bu wakanyň yzýany BBC habar gullugyna beren interwýusynda Pakistanyň daşary işler ministri Salman Başir Amerikanyň Merkezi razwedka agentliginiň başlygy Leon Panettanyň garaýyşlaryny «alada dörediji garaýyş» diýip atlandyrdy we terrorizme garşy göreşde Pakistanyň örän düýpli rol oýnaýandygyny nygtady.

Mundan daşary, ol öz ýurdunyň territoriýasynda resmi rugsat berilmezden Birleşen Ştatlaryň operasiýa geçirmegi ýaly wakanyň çuňňur alada döredýändigini we beýle wakanyň kada öwrülip bilmejikdigini aýtdy.

Şu gün Fransiýada saparda ýören Pakistanyň premýer-ministri Ýusuf Reza Gilani hem Fransiýanyň biznes ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygynda razwedka maglumatlary boýunça Pakistanyň dünýäniň ähli ýurtlary bilen diýen ýaly, şol sanda, Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen-de ýakyndan hyzmatdaşlyk saklap gelýändigini aýtdy.

Şeýle hem, ol ekstremizme we terrorizme garşy göreşiň haýsydyr bir ýurduň aladasy bolman, eýsem hemme ýurtlaryň-da aladasydygyny nygtady.

Britaniýa düşündiriş sorady

Osama bin Ladeniň Pakistanda öldürilendigi baradaky maglumatyň yzy bilen, Britaniýanyň premýer-ministri Dewid Kameron hem bin Ladeniň ele salynmazdan nädip Pakistanda ýaşap bilendigi barada Pakistanyň häkimiýetlerinden düşündiriş talap edendigini aýtdy.

Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, ol bu mesele bilen baglanyşykly iki ýurduň arasynda çynlakaý bir dawa turuzmaklygyň Britaniýanyň bähbidine bolmajakdygyny belledi.

Osama bin Ladeniň ölümi bilen baglanyşykly Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň beren maglumatlary-da soňky günler käbir gapma-garşylyklara eýe boldy.

Başda Birleşen Ştatlaryň bir howpsuzlyk resmisi bin Ladeniň ýaragly garşylyk görkezen wagty atylyp öldürilendigini aýdan bolsa, soňky resmi maglumatlarda onuň eli ýaragsyz halda öldürilendigi aýdylýar.

Mundan daşary, başky maglumatlarda bin Ladeniň öz iki aýalyny galkan hökmünde ulanan wagty olaryň ikisiniň-de atylyp öldürilendigi aýdylan bolsa, soňky resmi maglumatlarda onuň aýallaryndan biriniň ölüp, ýene biriniň ýaralanandygy aýdylýar.

Bu wakada kimdir-biriniň tussag edilip-edilmändigi barada bolsa, amerikan resmileri heniz hiç hili maglumat bermeýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG