Sepleriň elýeterliligi

Taksoparkyň ýolbaşçylary alaçsyz


Häzirki wagtda taksoparkdaky 300 takside bary ýogy 100-e golaý sürüji işleýär. 200 taksi garažda çaň basyp ýatyr.

Häzirki wagtda taksoparkdaky 300 takside bary ýogy 100-e golaý sürüji işleýär. 200 taksi garažda çaň basyp ýatyr.

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky taksomotor awtoulag kärhanasynyň ýolbaşçylary taksoparka degişli taksilere sürüji tapman, juda kösençlik çekýärler.


2010-njy ýylyň ikinji ýarym ýyllygynda paýtagtyň taksoparkyna Günorta Koreýada öndürilen «Hýundaý Elantra» kysymly taksileriň 300 sanysy gelip gowuşdy. Täze gelip gowşan taksiler geçen ýylyň awgustyndan paýtagtyň ilatyna hyzmat edip başlady.

Täze taksileriň gelip gowşanyna bir ýyla golaý wagtyň geçendigine garamazdan, taksoparkyň ýolbaşçylary ulaglara sürüji tapyp bilmeýärler. Bir günde tabşyrylmaly planyň juda çökderligi sebäpli, taksi sürüjisi bolup işe gelmäge höwes bildirýänler az.

Taksoparkyň sürüjileri 9 sagat iş wagtynyň içinde 95 manat möçberinde plan tabşyrmaly. Paýtagtyň içinde hususy awtoulaglarynda kireý edýänleriň köp bolmagy döwlet taksileriniň sürüjilerine bir günde 95 manady tabşyrmakda kynçylyk döredýär.

Taksi sürüjiligine paýtagtyň ýaşaýjylaryndan işe gelmäge höwes bildirýänleriň ýoklugy sebäpli, Awtomobil ulaglary ministrligi welaýatlardaky döwlete degişli awtoparklarda işleýän işgärleri paýtagta komandirowka getirip başlady. Emma bu çykalga hem degerli netije bermedi. Welaýatdan komandirowka gelenler paýtagtyň köçelerinde azaşyp, plany dolup bilmän kösendiler.

Häzirki wagtda taksoparkdaky 300 takside bary ýogy 100-e golaý sürüji işleýär. 200 taksi garažda çaň basyp ýatyr.

Ykdysadyýet ministrligi - Awtomobil ulaglary ministrligi

Awtomobil ulaglary ministrligi sürüji üçin bir günki 95 manatlyk plany 60 manada getirmek üçin birnäçe synanyşyklary etse-de, ýurduň Ykdysadyýet ministrliginiň başda bellenen bu normany üýtgetmekden ýüz öwürýändigi barada habar berilýär.

Bir günki tabşyrylmaly planyň köplügi sebäpli, taksistler ýolagçylary gatnadanlarynda indi birnäçe wagt bäri taksometri asla ulanmaýarlar. Taksometriň ulanylmazlygy ýolagçylary känbir biynjalyk hem duranok. Sebäbi döwlet taksileriniň kesýän nyrhy hususy awtoulaglarynda kireý edýänleriň nyrhyndan artyk däl. Emma taksometrlerini ulanmaýanlygy üçin taksistleriň barlagçylar tarapyndan tutulan ýagdaýynda jerime tölemeli bolýan ýagdaýyna-da az duşulmaýar.

Taksoparkyň taksilerine paýtagtyň çäginden daşyna çykmaklygyň gadagan edilmegi hem taksistlere gazanç etmeklikde kynçylyk döredýär. Şeýle çäklendirmeler sebäpli taksistler bir günki tabşyrmaly plany dolup bilmeýärler. Plany doly tabşyryp bilmeseler, olar aýlyklaryny doly alyp bilmeýärler.

Eger gündeki plan doly berjaý edilende, taksistleriň aýlyk haky bir müň manada çenlidir. Emma paýtagtyň taksoparkynyň sürüjileri bir aýda 600 manatdan artyk hak alyp bilmeýändiklerini aýdýarlar.

Ýurduň Ykdysadyýet ministrliginiň bir günki normany azaltmak meselesinde bir depen ýerini depip durmagy Awtomobil ulaglary ministrliginiň ýolbaşçylaryny hem gaty çykgynsyz ýagdaýa goýýar.

Satyn alnan taksileriň ählisi kredite alnan. Ulaglaryň bahasynyň tölenmezligi näçe gijikdirilse, şonça-da karzyň üstüne jerimäniň köpelmegine getirýär.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG