Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow howpsuzlyk maslahatyny geçirdi


Çarşenbe güni Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň Belent serkerdebașysy Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeșiniň nobatdaky maslahatyny geçirdi.

Bu maslahatyň dowamynda harby we hukuk goraýjy organlaryň 2011-nji ýylyň dört aýyndaky işleriniň jemlerine seredilendigini, şeýle-de, güýç ulanyjy gulluklaryň maddy-tehniki bazasyny mundan beýläk-de berkitmäge degişli meseleler barada maslahat edilendigini resmi Aşgabat habar berýär.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň dowamynda prezident Berdimuhamedowyň ençeme resmi dokumentlere gol goýandygy hem habar berilýär.
XS
SM
MD
LG