Sepleriň elýeterliligi

Prezident Berdimuhamedow Özbegistana sapar edýär


Türkmenistanyň prezidenti 5-6-njy maý aralygynda Özbegistana resmi sapar edýär.

Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň berýän maglumatyna görä, bu saparyň dowamynda prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Yslam Kerimow türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny ösdürmek we regional hem halkara meseleleri boýunça maslahat ederler.

Maglumata görä, türkmen prezidenti Özbegistana saparynyň çäklerinde ýurduň Buhara şäherine-de barar.

Gepleşiklerden soň iki taraplaýyn ylalaşyklara gol goýulmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG