Sepleriň elýeterliligi

Çeçenistanda “Al-Kaýdanyň” esasy wekili öldürildi


Orsýetiň terrorizme garşy göreş boýunça milli komitetiniň berýän maglumatyna laýyklykda, ýurduň howpsuzlyk güýçleri Çeçenistanda “Al-Kaýdanyň” ýokary derejeli söweşijisini öldüripdir.

Öldürilen söweşiji Demirgazyk Kawkazdaky daşary ýurtly pitneçileri koordinirläpdir.

Komitetiň aýtmagyna görä, öldürlen söweşiji Türkiýäniň raýaty, ady Doger Sewdet, özi Abdylla Kürt diýlip tanalýan eken. Ol “Al-Kaýdanyň” Demirgazyk Kawkazdaky wekili bolupdyr.

Şeýle-de, komitetiň bellemegine görä, Sewdet ençeme terror hüjümlerini planlaşdyrmaga-da gatnaşypdyr.
XS
SM
MD
LG