Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG gyrgyz komissiýasynyň hasabatyny goldady


Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça Baş komissary Gyrgyzystanyň derňew-seljeriş Komissiýasy tarapyndan 2010-njy ýyldaky etnigara zorluklar boýunça taýýarlanan täze hasabaty goldaw bilen garşylady.

Baş komissar Neýwi Pillaý bu hasabatyň tekliplerini tizden-tiz berjaý etmäge Gyrgyzystana çagyryş etdi.

Neýwi Pillaý prezident Roza Otunbaýewanyň garaşsyz Komissiýa tarapyndan derňew işlerini geçirmek inisiatiwasyna hem ýokary baha berdi.

3-nji maýda ýaýradylan bu hasabatda geçen ýyl Gyrgyzystandaky etnigara çaknyşyklarda ejir çekenleriň aglabasynyň etnik özbekler bolandygy-da bellenýär.
XS
SM
MD
LG