Sepleriň elýeterliligi

Ban Al-Assady güýç ulanmagy bes etmäge çagyrdy


Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Siriýanyň prezideni Başar al-Assada oppozisiýa protestçilerini güýç bilen daramagy bes etmäge hut öz adynan çagyryş etdi.

BMG-niň Baş sekretarynyň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, Ban Ki-mun Başar al-Assady Siriýadaky bidüzgünçilikleri derňemek üçin, BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşi bilen hyzmatdaşlyk etmäge-de çagyrypdyr.

Siriýanyň prezidenti ýurtdaky harby operasiýalaryň “tiz wagtyň içinde” gutarjakdygyny aýdýar. Onuň bu beýanaty “Al-Watan” gazetinde çap edildi.

Mundan öňinçä, Siriýada howpsuzlyk güýçleriniň köpçülikleýin tussag edişlikleri amala aşyrandyklary habar berlipdi.
XS
SM
MD
LG