Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl «Fatah»-«Hamas» barlyşygyny ýazgarýar


Ysraýylyň premýer-ministri Palestinanyň «Fatah» partiýasy bilen «Hamas» toparynyň özara barlyşyk ylalaşygyny baglaşmagyny ýazgaryp çykyş etdi.

Premýer-ministr Benýamin Netenýahu bu ylalaşygyň Palestina bilen Ysraýylyň arasyndaky ýaraşyk mümkinçiliklerine “uly urgy” we “terrorzmiň uly ýeňşi” bolandygyny aýtdy.

Çarşenbe güni Müsürde Palestinanyň «Fatah» partiýasy bilen «Hamas» topary özara barlyşyk baradaky ylalaşyga gol çekişdiler.

«Hamasy» terror topary diýip häsiýetlendirýän Ysraýylyň hökümeti «Hamasyň» wekilleriniň gatnaşmagynda islendik bir resmi organyň döredilmegine garşy çykyş edýär.
XS
SM
MD
LG