Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Osama Bin Ladeniň jesediniň suratlary ýaýradylmaz


Ak Tamyň aýtmagyna görä, prezident Barak Obama Osama bin Ladeniň jesediniň suratlaryny köpçülige çykarylmaly däl diýen netijä gelipdir.

“Al-Kaýdanyň” lideri ýekşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Pakistanda geçiren gizlin operasiýasy netijesinde öldürilipdi.

Ak Tamyň metbugat wekili Jeý Karneýiň aýtmagyna görä, prezident Obama bu netijä gelmezden ozal, ýurduň Döwlet howpsuzlyk toparynyň agzalary bilen hem maslahatlaşypdyr.

Prezident Obama CBS telekompaniýasyna beren interwýusynda suratlaryň köpçülige çykarylmagynyň “täze sütemleri” döredip biljekdigini ýa-da propoganda maksatly ulanylmagynyň mümkindigini hem belläp geçipdir.

Obamanyň bu interwýusy ýekşenbe güni efire berler.
XS
SM
MD
LG