Sepleriň elýeterliligi

Osama öldi, emma dildüwşük teoriýalary gülläp ösýär


Yraklylar “Al-Arabiýa” arap sputnik telekanalyna seredýärler. Ol ýerde görkezilýän surat Osama bin Ladeniň jesediniň surat diýilýärdi. Emma bu suratyň hakykydygy tassyklanmady.

Yraklylar “Al-Arabiýa” arap sputnik telekanalyna seredýärler. Ol ýerde görkezilýän surat Osama bin Ladeniň jesediniň surat diýilýärdi. Emma bu suratyň hakykydygy tassyklanmady.

Dildüwşük teoriýalarynyň gülläp ösýän dünýäsinde adamlara bir zady ynandyraýmak aňsat iş däl. Bu kynçylyk bilen indi Waşington ýüzbe-ýüz bolýar. Ol Osama bin Ladeniň ölendigini muňa şübhe edýänlere nädip ynandyrjagyny bilenok. Amerikanlaryň aýdýanlaryna ynanmaýanlaryň sany hem dünýäniň hiç bir ýerinde bu terroristiň ýok edilen ýeri – Pakistanyň Abbottabat şäherçesindäkiden az däl.

Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugy “Maşaal” Radiosynyň habarçysy Fawad Ali Şah muny şeýle delillendirýär: “Men Osama Abbottabatda öldürileli, üç gün bäri şu ýerde. Bu barada 100-den köpräk adam bilen gürleşdim. Ýöne olaryň aglabasy Osamanyň şu ýerde öldürilendigine ynanmaýar. Näme üçin diýip soranyňda, olar: ‘Bu ýeri Pakistan harbylarynyň merkezi, onsoň ol bu ýerde nädip gizlensin? Ol Pakistan harbylary tarapyndan gözlenýän adamlaryň sanawynda iň ýokary orunda durýardy. Şol sebäpden ol bu ýerde bu ýagdaýda gizlenip bilmez, aýratyn-da Abbottabadyň Pakistanyň harby ýokary okuw jaýynyň ýerleşýän böleginde diýýärler”.

Şahyň aýtmagyna görä, bu adamlary ynandyrjak bolsaň, bir güýçli subutnama gerek: “Haçanda näme üçin ynanmaýarsyňyz diýip soranyňda, olar surat talap edýärler. ‘Amerikan esgerleri Osama bin Ladeni öldüren bolsalar, hany suratlar nirede? Bize subutnama gerek’ diýýärler. Ilatyň aglaba köplügi muňa ýakyn geçmişde asuda şäher bolan Abbottabadyň garşysyna gurnalan dildüwşük diýip düşünýär”.

Dürli soraglar, dürli pikirler

Abbottabadyň ýaşaýjylarynyň käbiriniň pikiriçe-de, hüjümden başlap, Bin Ladeniň jaýlanmagyna çenli bolan wakalaryň bary gurnalan zatlar. Berilýän soraglar şeýleräk: “Osamany ele salmak üçin munça kynçylyk çeken amerikanlar näme üçin onuň jesedini beýle çalt ýerleşdiripdirler? Olar nämäni gizlejek bolýarlar?”

Paksitanly syýasatçylaryň käbiri mundan hem aňryk geçýär. Mysal üçin, Haibar Pahtunhwanyň welaýat ýygnagynyň agzasy Mufti Kifaýatullah Bin Laden başga ýerde öldürilip, jesedi dürli çylşyrymly sebäplere görä, Abbottabada getirilipdir diýen pikirde.

Waşingtonyň aýdýanlaryna ynanmaýanlar başga ýerlerde-de bar. Eýranyň goranmak ministri Ahmed Wahidi: “Biz olar bu prosesi yzarlar ýaly näme üçin bir bitarap adama rugsat etmändir diýip soramaly” diýmek bilen amerikanlaryň aýdýanlaryny soraga astyna aldy.

Sişenbe güni Owgan “Talibany” Bin Ladeniň ölüm habaryny tassyklardan “entek ir” diýip häsiýetlendirdiler. 11-nji sentýabrdan soň Bin Ladene pena bermek bilen Birleşen Ştatlaryň Owganystana çozup girmegine sebäp bolan ”Taliban”: “Onuň ölendigi barada Birleşen Ştatlar ýeterlik subutnama berenok” diýdi.

Sişenbe güni Çehiýa respublikasynda hem prezidentiň ýokary derejeli geňeşçisi Petr Haýek: “Osama bin Ladeniň ömri we ölümi medianyň toslamalaryndan başga zat däl” diýdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary hem bu operasiýanyň kanunydygyna baha bermek üçin Waşingtondan doly maglumat soraýar. Nawi Pillaý çarşenbe güni: “Terrorizme garşy ähli operasiýalarda halkara hukuky hormatlanmaly” diýdi.

Surat çekeleşigi

Amerikan resmileri ýaragsyz Bin Ladeniň näme üçin tutulman, atylyp öldürilendigi barada entek düşündiriş berenoklar.

Waşington öldürileniň Osama bin Ladendigine şübhe etmeýändigini, bu barada ýeterlik subutnama bardygyny aýdýar. Ýöne ol jemgyýetçilik üçin möhüm hasaplanýan subutnamany, ýagny jesediň suratyny köpçülige ýetirmek meselesinde ikirjiňlenýär. Bu ikirjiňlenmä sebäp bolýan hem jesediň suraty adamlary ynandyrarmy ýa olara erbet täsir edermi diýen çekişme ýaly bolýar.

Suratyň goýberilmegine tankydy garaýanlar: “Onuň bu ýagdaýda görkezilmegi musulmanlara edilen hykarat bolar. Ondan ekstremistler peýdalanar” diýýärler.

Admisitrasiýanyň ýokary derejeli beýleki resmileri, şol sanda Merkezi aňtaw gullugynyň başlygy Leon Panetta hem bu suratyň köpçülige ýetirilmegine ol diýen garşy däl.

Ol sişenbe güni NBC telekanalyna: “Möhüm zat, biziň Bin Ladeni ele salanlygymyz. Biz ony tutup öldürmegi başarandygymyzy dünýä görkezmeli diýip pikir edýärin” diýdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG