Sepleriň elýeterliligi

Obama Nýu Ýorkdaky hatyra çäresine gatnaşar


Şu gün Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Nýu Ýork şäherinde 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda terror hüjüminiň amala aşyrylan ýerinde geçiriljek hatyra çäresine gatnaşar diýlip garaşylýar.

Maglumata görä, terrorçylaryň uçarlary süsdürip weýran eden Dünýä söwda merkeziniň binalarynyň ýerleşen ýerinde geçiriljek bu hatyra çäresinde prezident Obama bu hüjümlerde ölen adamlardan käbirleriniň dogan-garyndaşlary bilen-de duşuşar.

Çarşenbe güni, bu wakanyň öňýany, Barak Obama 2-nji maýda öldürilen Osama bin Ladeniň jesediniň suratyny jemgyýetçilige görkezmezlik barada karara gelnendigini aýdyp, çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG