Sepleriň elýeterliligi

NATO: Rimde Liwiýa boýunça maslahat geçirilýär


Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafiniň režimine garşy harby operasiýalary alyp barýan NATO ýurtlarynyň wekilleri şu gün bu operasiýalar bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Rimde maslahata ýygnandylar.

Maslahatyň öňýany eden çykyşynda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton bu maslahatda, esasan, Muammar Kaddafä garşy görkezilýän gysyşlary güýçlendirmek hem-de režime garşy göreş alyp barýan oppozision güýçlere ýardamlary artdyrmak meseleleri barada pikir alşyljakdygyny aýtdy.

Liwiýanyň oppozision gozgalaňçylary Muammar Kaddafiniň režimine garşy göreşleriň barşynda 10 müň töweregi adamyň ölendigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG