Sepleriň elýeterliligi

Belarusda prezidenlige dalaş eden beýleki iki kandidat sud edilýär


Belarusda geçen ýylyň dekabrynda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda Aleksandr Lukaşenko bilen bäsleşen dalaşgärlerden ýene ikisine garşy şu gün sud diňlenişigi başlandy.

Belarusyň sudy prezidentlige kandidatlar Uladzimir Nýaklýaýew we Wital Rymaşewskiý bilen birlikde ýene dört adama dekabr aýynda jemgyýetçilik düzgün-tertibini bozujy aksiýalary gurnanlykda jenaýat aýyplamasyny bildirýär.

Bu gürrüňi edilýän aktiwistler geçen ýylyň dekabrynda prezidentlik saýlawlarynyň netijelerine protest bildirilip gurnalan demonstrasiýa gatnaşypdylar.

Geçen hepde hut şu aýyplamalar boýunça prezidentlige kandidatlarden ýene biri Andreý Sannikowa garşy hem sud işi başlanypdy.

Bu jenaýat aýyplamasynda günäli tapylan halatynda bu aktiwistlere 15 ýyla çenli türme tussaglygynyň berilmek howpy abanýar.
XS
SM
MD
LG