Sepleriň elýeterliligi

German raýaty “Al-Kaýda” agza bolanlykda aýyplanýar


Şu gün Germaniýanyň Frankfurt şäherinde asly siriýaly Germaniýanyň raýaty Rami Makanesä “Al-Kaýda” terror guramasyna agzalykda bildirilýän aýyplamalar boýunça sud işi başlandy.

25 ýaşly Rami Makanesi geçen ýylyň iýunynda Pakistanda bu ýurduň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan tussag edilip, Germaniýa ekstradisiýa edilipdi.

Germaniýanyň resmileri onuň “Al-Kaýdanyň” düzüminde Pakistanyň Weziristan regionynda türgenleşik geçip, “Al-Kaýda” üçin maliýe serişdelerini toplamaklyk we terror operasiýalaryna taýýarlyk görmek üçin Germaniýa dolanmaklygy planlaşdyrandygyny aýdýarlar.

Geçen hepde hem Germaniýanyň polisiýasy “Al-Kaýdanyň” agzalary diýlip güman edilýän üç adamy bomba partlamalaryny amala aşyrmak synanyşyklarynda aýyplap, tussag edipdi.
XS
SM
MD
LG